Fewral 05, 2026
ÖsüşMaslahatçylar bölüminiň resmi web-saýty işe girizildi
Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşiginiň ýanyndaky Maslahatçylar bölümi öz resmi web-saýtyny işe girizdi. Täze web-saýt ýokary hilli maslahat hyzmatlary bilen gyzyklanýan maslahatçylar, kärhanalar we guramalar üçin bitewi maglumat meýdançasy bolup hyzmat eder.
Web-saýtda Bölümiň alyp barýan işleri, hünär ugurlary beýan ediler hem-de maslahat berişiň dürli ugurlarynda işleýän hünärmenler barada maglumatlar ýerleşdiriler. Ulanyjylar maslahatcylary[ profilleri, Bölümiň hyzmatdaşlary bilen tanşyp, şeýle hem täzelikleri we geçiriljek çäreleri yzygiderli yzarlap bilerler.
Web-saýtyň işe girizilmegi maslahatçylaryň hünärmen jemgyýetini ösdürmekde hem-de Türkmenistanda hünärmenler bilen işewürligiň arasynda has amatly hyzmatdaşlyk gurşawyny döretmekde nobatdaky ädimdir.